awtohyzmat@awtohyzmat.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 проспект Арчабил, г. Ашхабад, Туркменистан

Azerbaýjan bilen Gazagystanyň arasynda ýük daşamak üçin «rugsat resminamalarynyň» sany köpeldi

11.03.2024
Soňky 3 ýylda Azerbaýjan bilen Gazagystanyň arasynda halkara ýük daşamak üçin «rugsat blankalarynyň» sany bäş esse artdy. «Trend» tarapyndan hödürlenýän habarda aýdylyşy ýaly, 6-njy martda geçirilen iki ýurduň arasyndaky Awtoulaglarda ýük daşamagyň halkara garyşyk komissiýasynyň nobatdaky mejlisinde ýurtlar 2023-nji ýylda ulagyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin goşmaça «rugsat blankalarynyň» we 2024-nji ýylda «rugsat blankalary» üçin deslapky ýeňillikleriň berilmegi boýunça ylalaşdylar. Duşuşykda taraplar Azerbaýjan bilen Gazagystanyň arasyndaky halkara ýol ulaglary pudagynda ýüze çykýan meseleleri we olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Orta geçelgäniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin iki ýurduň ýük daşaýjylary tarapyndan Hytaýdan tranzit harytlaryny daşamak boýunça guramaçylyk işlerini alyp barmak barada ylalaşyk gazanyldy. Duşuşykda Azerbaýjan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnawyň umumy möçberiniň, şeýle hem iki ýurduň ýük daşaýjylarynyň sebitden haryt daşamakdaky işjeňliginiň artandygy bellenildi.