awtohyzmat@awtohyzmat.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 проспект Арчабил, г. Ашхабад, Туркменистан

Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

01.03.2024
Şu gün — 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow ony 70 ýaş ýubileýi bilen gutlap, tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi we asylly däbe eýerip, türk Liderine milli lybas bolan türkmen içmegini sowgat berdi. Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, görnükli döwlet we syýasy işgäri Rejep Taýyp Ärdogan şu ýylyň 26-njy fewralynda özüniň şanly 70 ýaş toýuny belledi. Şu mynasybetli, Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurduň Liderine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permany bilen, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylandygyny belledi. Bu hormatly at oňa Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, iki döwletiň uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin berildi. Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki depginine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.