Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýa ministri Tilek Tekebaýew türkmen wekiliýeti bilen Hazar deňzi arkaly Russiýa täze halkara ulag üstaşyr geçelgesini açmagyň mümkinçiligi barada pikir alyşdy.
Täze meýilleşdirilýän gatnaw ugrunyň taslamasynda ulag geçelgesiniň guryýer bölegi Gyrgyzystandan ugur alyp, Özbegistanyň çäginden geçmek bilen, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna çenli barýar. Mundan soňra bolsa, harytlary deňiz ulaglary arkaly Russiýanyň Astrahan portuna daşamak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Gyrgyzystandan harytlary daşamak babatda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy A.Kösäýew hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe alternatiw ugurlary we beýleki mümkinçilikleri teklip etdi.
Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýa ministri Tilek Tekebaýewiň belleýşi ýaly, ilki bilen, Türkmenbaşy portundan Astrahan portuna her günde 50-60 ýükli ulagy ibermek meýilleşdirilýär. Ikinji tapgyr — Türkmenbaşy deňiz portuna çenli ýükleri daşamak, gämilere ýarym tirkegleri ýüklemek, ýükleri ýükleýjisiz Astrahan portuna eltmek, ýarym tirkegleriň öwezini dolmak, ýükleri bellenen ýere ibermek we şol bir ugur boýunça hem yzyna ýük gatnawyny amala aşyrmak. Üçünji tapgyr — rus tarapynyň Mahaçkala portundan peýdalanmagy teklip etmegi esasynda konteýner gatnawlaryny ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Belläp geçsek, Türkmenistan Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan (Türkmenbaşy porty) — Russiýa Federasiýasy (Astrahan porty) alternatiw multimodal geçelgesiniň ýola goýulmagyna goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Taslamanyň çäginde türkmen tarapy üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhlary göz öňünde tutar.