awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Türkiýeden Özbegistana ugur alan ilkinji ýük otlusy ýurdumyzyň çäginden geçdi

06.12.2022

Türkiýeden Özbegistana tarap barýan ýük otlusy Eýranyň hem-de Türkmenistanyň çäginden geçip, özbek topragyna baryp ýetdi. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar gullugynyň habarynda bellenilýär.

4500 kilometrden gowrak uzynlygy bolan ýük demir ýoly «Uzbekiston Temir ýullari» paýdarlar jemgyýeti hem-de Türkiýe tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Çeşmede habar berlişi ýaly, 40 wagonly ýük otlusyna hojalyk enjamlary ýüklenip, ol Türkiýe — Eýran — Türkmenistan — Özbegistan ugrundaky ilkinji ýük otlusydyr. Häzirki wagtda bu ugur boýunça ýene-de 250-den gowrak wagon ugratmak maksat edinilýär.

Degişli ugurlar boýunça döwletara gatnawlaryny guramak başlangyçlaryny durmuşa geçirmek taslamasy Samarkantda geçirilen Türk dilli döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygynda kabul edilipdi. 

Bellesek, bu gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň Izmir şäheriniň «Gumruh» stansiýasyndan Özbegistanyň Daşkent şäherine ýük gatnawynyň ugry tassyklandy.