awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň demir ýol pudagynyň ýük çekijilik mümkinçiligi artýar

15.11.2022

Russiýa Federasiýasynyň «Brýansk maşyngurluşyk zawody» dolandyryş kärhanasy paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Türkmenistana ýollanan ýük otlularynyň 5 sany täze teplowozy Aşgabat şäherine gelip gowuşdy.

Bu waka iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşany boldy.

Bellenilişi ýaly, bu teplowozlar ýük çekijilik kuwwaty bilen aýratyn tapawutlanýar.

Russiýa Federasiýasyndan gelen täze teplowozlary garşylamak üçin demir ýol işgärleri, hormatly ýaşulular, nurana eneler, bagtyýar ýaşlar Aşgabadyň demir ýol menziline ýygnandylar. Il sylagly ýaşulular teplowozlaryň ýolunyň ak bolmagyny arzuw etdiler. Şunuň bilen baglylykda, milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi.