awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Germaniýanyň maşyngurluşykçylar Bileleşigi bilen türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

14.11.2022

2022-nji ýylyň 21 — 26-njy noýabr aralygynda Türkmenistana Germaniýanyň maşyngurluşykçylar Bileleşiginiň söwda wekiliýeti (VDMA) hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşmak üçin geler. Degişli habar «Monforts» kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanýan «News Central Asia» neşiriniň sahypalarynda ýetirilýär.

«Monforts» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Stefan Flet mynasyp dowam etdirilýän hyzmatdaşlyk barada: «Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Kakadaky täze dokma toplumy hem-de Babadaýhandaky zawod, şeýle-de beýleki soňky taslamalar üçin «Monforts» kompaniýasynyň enjamlaryny saýlandygyna begenýäris. Häzirki wagtda ýurtda 15 sany «Monforts» maşynynyň gurnalandygyny-da buýsanç bilen belläsimiz gelýär» - diýip, kanagatlanma bilen belläp geçýär.

Myhmanlaryň Türkmenistana Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet ministrliginiň adyndan gelýändigini, şeýle-de «Monforts» kompaniýasynyň dokma pudagyna degişli döwrebap tehnikalary öndürijileriň hatarynda öňde durýandygyny aýratyn aýtmagymyz zerur.