awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistan Astrahan sebiti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň täze tapgyrynda

27.10.2022

Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsuly Nury Gollyýew bilen sebitiň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkowyň arasynda duşuşyk boldy. Duşuşykda bu sebitde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek, Türkmenbaşy we Olýa portlarynyň arasynda gämi gatnaw ugurlaryny açmak, söwdanyň mukdaryny ýokarlandyrmak, gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ýaly meselelere seredildi.

Şeýle hem duşuşykda Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli ýük daşamak ugurlaryny guramak, gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda Türkmenistanyň gämi gurluşyk kärhanalary üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, söhbetdeşlikde Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda howa aragatnaşygynyň açylmagy, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi barada durlup geçdi.

Nygtalyşy ýaly, Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek taslamasy öz gözbaşyny sebitiň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk barada 2008-nji ýylda baglaşylan Ylalaşykdan alyp gaýdýar. Şu ýylyň iýun aýynda bolsa Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa eden ilkinji resmi saparynyň çäginde Astrahan sebitiniň hökümeti bilen Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan Astrahan we Türkmenbaşy şäheriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky şertnama gol çekildi.

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlary babatynda şu ýylyň dekabrynda Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde degişli resminamala gol çekilmegine garaşylýar.