Geljek ýyl 2 million, 2025-nji ýyla çenli bolsa her ýyl 5 million tonna ýüki Russiýadan Pars aýlagyna çenli aşyrmaga hyzmat etjek halkara ulag geçiriji taslamasy işe girizildi. Türkmenistan bu taslamanyň jümmüşinde bolar.
Türkmenistanyň üstünden taslama, «Russiýanyň demir ýollary logistika» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Dmitriý Murewiň «Made in Russia-2022» halkara eksport forumynda hem nyýtaýşy ýaly, ýükleri Moskwa şäherinden Pars aýlagynyň portlaryna 15 günüň dowamynda eltmäge mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, taslama diňe bir Hindistana täze söwda ýollaryny açman, eýsem, Pars aýlagy, Afrika we Aziýa ýurtlaryna hem haryt ibermäge mümkinçilik berer. Murew, şeýle hem, ulag geçelgesiniň üstünlikli işlemegi üçin eksportçylara ykdysady taýdan bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berjek ykdysady ugurlar boýunça şuňa meňzeş ugurlara uýgunlaşdyrylan nyrhlaryň zerurdygyny aýtdy.
«Demirgazyk ― Günorta» halkara ulag geçirijisi boýunça ilkinji synag ýük otlusynyň 2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Moskwanyň golaýyndaky Çehow etrabyndan Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Nawa Şewa portuna ugradylandygyny ýatladýarys. Ýük otlusy 8 müň kilometr aralygy 35 ― 37 günde geçýär.