Dünýäniň elektrik awtoulag önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Tesla» kompaniýasy dünýä bazaryndan 1,1 million töweregi elektrik awtoulaglaryny yzyna kabul edip almaly boldy. Bu barada Azerbaýjanyň Trend.az habarlar agentligi ýazýar.
Bu uly müşgilligi döreden ýalňyşlyk elektrik awtoulaglarynyň aýnalarynyň ýapylyş ulgamynyň näsaz işlemegi bilen baglylykda ýüze çykdy. ABŞ-niň Milli ýol howpsuzlygyny dolandyryş gullugynyň ýetirýän maglumatyna laýyklykda, dünýä bazaryndan kompaniýanyň 2017-nji ýyldan 2022-nji ýyllar aralygynda öndürilen Model 3, Model Y, Model S we Model X kysymly görnüşleri yzyna gaýtarylýar.