Belarusly hünärmenler ilkinji işläp taýýarlan elektrik kuwwatda işleýän sport awtoulagyny köpçülige tanyşdyrdylar. Belarusyň Milli Ylymlar akademiýasynyň birleşen mehaniki inženerçilik institutynyň ýolbaşçysy Aleksandr Belewiçiň belleýşi ýaly, elektrokaryň umumy agramy 1 tonnadan gowrak bolup, onuň bütinleý elektrik düzüm bölekleri kärhana tarapyndan taýýarlanandyr.
Mundan başga-da täze ulagyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolan onuň birbada iň ýokary tizlige ýetmesi häzirlikçe 6 sekunda deň bolsa, hünärmenleriň ony 2 sekunda çenli gysgaltmagy meýilleşdirýänligidir. Elektrik esasly awtoulagyň taslamalaşdyrylmagynyň esasy maksady komponent gorunyň düzüm böleklerini barlagdan geçirmek hem-de awtokomponent gorunyň nusgalyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Ulagy işläp taýýarlaýjylar ilkinji belarus sport elektrik awtoulagynyň sagatda 120 kilometr tizlige ýetip biljekdigini bellemek bilen, onuň takmynan 200 km-e çenli ýetip biljekdigini çak edýärler diýip, rg.ru saýtynda bellenilýär.