awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

«Suzuki» we «Toyota» kompaniýalary bilelikde täze elektrik awtoulagy dörederler

02.09.2022

Ýaponiýanyň iki sany iri awtoulag önümçilik kompaniýalary bolan «Suzuki» we «Toyota» kompaniýalary Hindistanyň bazary üçin bilelikde işlenip taýýarlanan elektrik esasly awtoulagy öndürmegi meýilleşdirýär. «Trend» habarlar agentliginiň bellemegine görä, täze elektrokar 2025-nji ýylda köpçülige ýetiriler. Häzir bu babatda öndürijiler geljekki kysym üçin esas bolup hyzmat etjek ykjam elektrik ulaglary üçin ýeke platformany döretmegiň üstünde işleýärler.

Täze elektrik ulag Hindistanyň «Tata Motors» kysymly elektrik awtoulaglary bilen bäsleşer diýlip garaşylýar. Edil şeýle maksat bilen hindi kompaniýasy Gujaratyň günbatar welaýatynyň Sanand şäherinde ýerleşýän «Ford India» zawodyny satyn almak arkaly elektrik ulagynyň önümçiligini ösdürmegi maksat edindi.

Mundan başga-da, «Suzuki» kompaniýasy ýakyn ýyllarda Hindistanda elektrik ulaglaryny öndürmek üçin takmynan 150 milliard ýen (1,25 milliard dollar) maýa goýmagy nazarda tutýar.