Gran Turismo atly kompýuter oýnunda McLaren Ultimate Vision Gran Turismo ady bilen belli bolan Solus GT kysymly sport awtoulagy hakykat ýüzünde önümçilige goýberildi. Bu ulagyň taslamasyny Beýik Britaniýanyň «McLaren Automotive» kompaniýasy bir orunlyk ýaryş awtoulagy görnüşinde döretdi.
Awtoulag 840 at güýjüne barabar bolan 5,2 litrlik V10 atmosfera hereketlendirijisi bilen üpjün edildi diýip, 4pda.to saýty habar berýär. Wideooýundaky awtoulag bilen deňgörnüşli ulag duran ýerinden 2,5 sekundyň dowamynda 100km/sag tizlik derejesine ýetip bilýär, onuň iň ýokary tizligi bolsa 320 km/sag derejededir. Ilkibaşda bu ulag Gran Turismo oýny bilen bagly bolmadyk ýagdaýda 5 ýyl mundan ozal işlenip taýýarlanylypdy.
McLaren Solus GT kysymly täze awtoulagyň tiražy häzirlikçe 25 nusga bolup, onuň bahasy 3 million funt sterlinge deňdir.