awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» atly halkara maslahat geçiriler

14.07.2022

18 — 20-nji iýulda Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada «Nebit-gaz» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Bu forumyň esasy maksady pandemiýadan soňky ýagdaýlarda ulag ulgamynyň meseleleriniň çözgüdini tapmak, halkara ýük daşamalarynda täze şertlere uýgunlaşmak hem-de halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat. 

Halkara maslahat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Oňa Türkmenistanyň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» atly halkara maslahatynda durlup geçiljek esasy mowzuklar hökmünde ulag-logistika toplumynyň pandemiýadan soňky dikeldilişi: täze çagyryşlar we mümkinçilikler; ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy: geljege nazar; durnukly ulagyň ekologiýa jähtleri; ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny; ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmekde ylym we bilim ulgamynyň orny ýaly mowzuklary bellemek bolar.

Maslahatyň sessiýalaryna we panel diskussiýalaryna BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky ýaly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşar, şeýle-de oňa «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Car Deluxe» ýaly belli kompaniýalaryň; IATA (Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy), ICS (gämi gatnawlarynyň halkara palatasy), IRU (Awtomobil ulagynyň halkara bileleşigi) we beýleki halkara guramalar gatnaşyjy hökmünde çykyş ederler.

Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maslahatynyň üçünji güni bolsa oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny öwrenmeklik we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşy guramak göz öňüne tutulýar.

Bellenilişi ýaly, ulag ulgamynyň, halkara ýük gatnawlarynyň işiniň ilerledilmegine ýokary derejede ýardam berjek pikirleri we çözgütleri özünde jemleýän bu çäräni her ýylda geçirmek nazarda tutulýar.