awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi

08.07.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetine we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektorlar bellenildi.

Ozal Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory bolup işlän Allaberdi Gapurow mundan soň TOHU-a ýolbaşçylyk eder. Ozal Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Aknabat Ataýewa bolsa TDY we DI-niň rektory wezipesine bellenildi.

Resminamalaryň birtopary bilen Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň degişli meýilnamalary hem tassyklanyldy.

Resminamalar bilen TDH-nyň saýtynyň degişli bölüminden tanşyp bilersiňiz.