awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Döwlet Baştutanymyz Tailand bilen hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdi

05.07.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar, Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.