awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Sanly ulgam arkaly iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

04.07.2022

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.

Iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere garaldy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin işler, galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak işleriniň guralyşy, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişi, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşy barada hasabat berdiler. 

Ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk berjaý edilýär. Şeýle-de açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz maglumatlar bilen tanşyp, galla oragy möwsüminiň depginini gowşatman, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde tagallalary gaýgyrmaly däldigine, bu babatda bugdaýy soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileriň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biriniň halkymyzy özümizde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki önümler bilen üpjün etmekden ybaratdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň uzak ýaýlalaryndaky we düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek işleriniň guralyşyna möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda haýal-ýagallyga ýol bermeli däldigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny mundan beýläk-de berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky talapdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmakda alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.