awtohyzmat@awtoulag.gov.tm 68-91-55; 39-03-85 Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Hytaý bilen Russiýanyň arasynda ilkinji awtoulag köprüsi açyldy

13.06.2022

10-njy iýunda Russiýanyň Blagoweşensk şäheri bilen Hytaýyň Heýhe şäherlerini birleşdirýän ilkinji awtoulag köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Onuň her tarapyndan sekiz sany ýük awtoulagyny iberdiler.

Köpriniň umumy uzynlygy 1080 metrdir. Taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşan taraplaryň her biri — Hytaý we Russiýa köpri ýolunyň 540 kilometrini gurdular. Köpri boýunça geçýän ýoluň umumy uzynlygy 20 kilometr diýlip kesgitlenilýär. Täze köprüniň bu uzynlygyna Hytaýyň çäginden 6 kilometr ýol we Russiýadan 13 kilometrlik ýol, şol sanda Kanikurgan kanalynyň üsti bilen geçýän 278 metrlik köpri degişlidir.

Hytaýyň pandemiýa şertlerini nazarda tutup, häzirlikçe onuň üstünden diňe ýük awtoulaglary gatnar. Köpriniň tehniki häsiýetnamalaryna laýyklykda, onda her günde ortaça 630 sany ýük awtoulagy, 164 sany awtobus we 68 sany ýeňil awtoulag gatnap biler.

Şeýlelik bilen, ilkinji serhet geçelgesi arkaly Russiýadan Hytaýa 4 konteýner soýa ýagy we 4 konteýner bolsa agaç materiallary iberildi. Hytaýdan Russiýa bolsa içinde awtoulag tekerleri bolan 6 konteýner we elektrik harytly 2 konteýner daşaldy.