Şu ýylda Russiýanyň umumy agramy 6 tonnadan gowrak bolan täze ýük awtoulaglarynyň satuwynyň üçden birine çenli pese düşmegine garaşylýar. Bu netije Russian Automotive Market Research agentliginiň analitik çaklamalaryndan gelip çykýar.
Bu esaslyk çaklama boýunça 2021-nji ýylyň satuwlary bilen deňeşdirilende 28,67% pes bolup, 62 150 sany awtoulaga deňdir. Satuwlar has pes derejede bolan ýagdaýynda 35,15 % az, ýagny 56 500 sany awtoulaga çenli peseler.
Çaklamalaryň esaslyk netijesi Russiýa Federasiýasyna girizilen sanksiýalar 2022-nji ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Bu ýagdaýda Kamaz konserni adaty ýük awtoulaglaryny maý-noýabr aralygynda aprel aýyndaky ýaly derejede satmak bilen, satuwyň mukdaryny 2022-nji ýylyň dekabrynda artdyrar.
GAZ, URAL we MAZ awtoulag tehnika kompaniýakary bolsa maý-sentýabr aýlary aralygynda satuwyny mart-aprel aýlaryndaky derejede amala aşyrar, ýylyň dördünji çärýeginde bolsa ony ýokarlandyrar.
2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda hytaý kompaniýalary Russiýa awtoulaglar we onuň düzüm bölekleri bilen üpjün etmek üçin logistika zynjyrlaryny döredip bilerler hem-de satuwyň mukdaryny aprel aýynyň görkezijilerinden birneme pes derejede ýola goýarlar. Russiýa daşamasy gadagan bolan ýük awtoulaglary bolsa az mukdarda deň derejedäki import ediji ýurtlara üpjün ediler.
Russiýanyň ykdysadyýeti 2022-nji ýylda pes derejede bolmak bilen, tiz ýagdaýda pese düşmez. 1-nji iýunda Rosstat-yň hödürlän hasabatyna laýyklykda, Russiýada 2022-nji ýylyň aprelinde 19 900 sany ýeňil awtoulag öndürilip, ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 85,4% azdyr. Şu ýylyň birinji dört aýynda Russiýada 264 000 sany ýeňil awtoulag öndürildi. Bu hem öz gezeginde 2021-nji ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 47,4% pesdir.